Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026
Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna okuwa gitmekçi bolýan talyplar we olaryň ata-eneleri üçin iň wajyp meseleleriň biri — okuw tölegini Türkmenistanyň banklary arkaly (döwlet nyrhyndan/resmi konwertasiýa boýunça) geçirmekdir.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Bilim ministrliginiň düzgünlerine görä, bir uniwersitetiň diplomyny tassyklatmak (nostrifikasiýa) üçin şol okuw jaýy resmi reýting sanawlaryna giren bolmalydyr. Ýöne bank arkaly okuw tölegini geçirmek üçin uniwersitet diňe bir sanawa girmek bilen çäklenmän, hökman ilkinji 1000-lige (Top 1000) giren bolmalydyr.
Haýsy Reýtingler Kabul Edilýär?
Türkmenistanda diňe aşakdaky 4 sany halkara reýting agentliginiň görkezijileri resmi taýdan ykrar edilýär:
-
QS World University Rankings
-
THE (Times Higher Education)
-
Shanghai Ranking (ARWU)
-
MosIUR («Uniwersitetiň üç missiýasy»)
Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026
MosIUR halkara reýtingine görä, ilkinji 1000-lige giren we bank arkaly döwlet nyrhyndan töleg geçirmäge doly hukugy bolan Russiýanyň 38 sany öňdebaryjy ýokary okuw jaýy:
-
M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti
-
Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti
-
Moskwa fizika-tehnika instituty (milli barlag uniwersiteti)
-
Ykdysadyýetiň ýokary mekdebi “Milli barlag uniwersiteti” (ВШЭ)
-
“MIFI” Ýadro milli barlag uniwersiteti
-
Nowosibirsk milli barlag döwlet uniwersiteti
-
Tomsk milli barlag döwlet uniwersiteti
-
Patris Lumumba adyndaky Russiýanyň halklarynyň dostlygy uniwersiteti (РУДН)
-
N.E. Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersiteti
-
Russiýanyň DIM-niň MGIMO uniwersiteti
-
MISIS Uniwersiteti
-
Russiýanyň ilkinji Prezidenti B.N. Ýelsin adyndaky Ural federal uniwersiteti
-
I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersiteti
-
Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy (РАНХиГС)
-
ITMO Uniwersiteti
-
Tomsk politexniki milli barlag uniwersiteti
-
Sankt-Peterburg Beýik Petr adyndaky politexniki uniwersiteti
-
I.P. Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg döwlet lukmançylyk uniwersiteti
-
N.I. Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersiteti
-
Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersiteti
-
Innopolis Uniwersiteti
-
Moskwa awiasiýa instituty (МАИ)
-
Russiýanyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersiteti
-
Başgortostan döwlet lukmançylyk uniwersiteti
-
Uzak Gündogar federal uniwersiteti
-
N.I. Lobaçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod milli barlag döwlet uniwersiteti
-
G.W. Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti
-
Sankt-Peterburg imperatrisa Ýekaterina II adyndaky Dag-magdan uniwersiteti
-
Günorta federal uniwersiteti
-
I.M. Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersiteti
-
Russiýa lukmançylyk uniwersiteti (Российский медицинский университет)
-
Sibir federal uniwersiteti
-
Tümen döwlet uniwersiteti
-
Günorta-Ural döwlet uniwersiteti
-
“MEI” Milli barlag uniwersiteti
-
Priwolžskiý barlag lukmançylyk uniwersiteti
-
W.I. Ulýanow (Lenin) adyndaky Sankt-Peterburg döwlet elektrotehniki uniwersiteti “LETI”
-
I.I. Meçnikow adyndaky Demirgazyk-Günbatar döwlet lukmançylyk uniwersiteti
Diplom Tassyklamak (Nostrifikasiýa) bilen Bank Töleginiň Tapawudy
Talyplaryň ýygy-ýygydan galdyrýan ýalňyşlyklarynyň biri bu iki düzgüni garmakdyr:
-
Diplom tassyklatmak üçin: Uniwersitetiňiz ýokardaky 4 resmi reýtingiň (QS, THE, Shanghai, MosIUR) birine giren bolsa bolýar. Hatda 1700-nji orunda bolsa-da, okuwyňyz tamamlanandan soň diplomyňyz Türkmenistanda tassyklanýar.
-
Bankdan töleg geçirmek üçin: Uniwersitet diňe bir sanawda bolmak bilen bütinleý çäklenmän, hökman ilkinji 1000-ligiň (Top 1000) içinde bolmalydyr. 1000-den aşakda bolan uniwersitetleriň diplomyny tassyklatmak mümkin bolsa-da, bank arkaly tölegini geçirip bolmaýar.
Bank Arkaly Töleg Geçirmek Üçin Talap Edilýän Resminamalar
-
Öğrenci Belgesi (Talyp güwänamasy / Справка об учебе): Uniwersitetden berlen resmi resminama.
-
Inwoýs / Fatura (Töleg haty / Счет на оплату): Uniwersitetiň resmi bank rekwizitleri we tölenmeli mukdary görkezilen hat (Russiýanyň degişli edaralaryndan we Türkmenistanyň Konsullygyndan tassyklanan bolmaly).
-
Müräget Haty / Teklip Haty (Offer Letter / Acceptance Letter): Okuwa ilki resminama tabşyrylanda uniwersitet tarapyndan berlen kabul/teklip haty (Приглашение).
-
Reýting Tassyklamasy: Okuw jaýynyň QS, THE, Shanghai ýa-da MosIUR sanawlarynyň birinde Top 1000-likdedigini görkezýän Bilim ministrliginiň belligi.
-
Talyp Resminamalary: Pasport göçürmeleri, doguluş baradaky şahadatnamanyň göçürmesi, wiza/registrasiýa we talyp kimliginiň göçürmeleri.
-
Hossarynyň Resminamalary: Pasport göçürmeleri.
Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026, Dünya reytinginde top1000 giren russia okuwlary. türkmenistan banklaryndan pul geçirip bolyan rossiya uniwersitetleri.bank arkaly töleg edip bolyan Россия yokary okuw jaylary.
Sınavsız Üniversite – PROFMET Türkiye'de Sınavsız Üniversite | Burslu Eğitim | Açıköğretim