Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri

Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026

Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026

Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026

Türkmenistandan Russiýa Federasiýasyna okuwa gitmekçi bolýan talyplar we olaryň ata-eneleri üçin iň wajyp meseleleriň biri — okuw tölegini Türkmenistanyň banklary arkaly (döwlet nyrhyndan/resmi konwertasiýa boýunça) geçirmekdir.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Bilim ministrliginiň düzgünlerine görä, bir uniwersitetiň diplomyny tassyklatmak (nostrifikasiýa) üçin şol okuw jaýy resmi reýting sanawlaryna giren bolmalydyr. Ýöne bank arkaly okuw tölegini geçirmek üçin uniwersitet diňe bir sanawa girmek bilen çäklenmän, hökman ilkinji 1000-lige (Top 1000) giren bolmalydyr.

Haýsy Reýtingler Kabul Edilýär?

Türkmenistanda diňe aşakdaky 4 sany halkara reýting agentliginiň görkezijileri resmi taýdan ykrar edilýär:

  • QS World University Rankings

  • THE (Times Higher Education)

  • Shanghai Ranking (ARWU)

  • MosIUR («Uniwersitetiň üç missiýasy»)

Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026

MosIUR halkara reýtingine görä, ilkinji 1000-lige giren we bank arkaly döwlet nyrhyndan töleg geçirmäge doly hukugy bolan Russiýanyň 38 sany öňdebaryjy ýokary okuw jaýy:

  1. M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti

  2. Sankt-Peterburg döwlet uniwersiteti

  3. Moskwa fizika-tehnika instituty (milli barlag uniwersiteti)

  4. Ykdysadyýetiň ýokary mekdebi “Milli barlag uniwersiteti” (ВШЭ)

  5. “MIFI” Ýadro milli barlag uniwersiteti

  6. Nowosibirsk milli barlag döwlet uniwersiteti

  7. Tomsk milli barlag döwlet uniwersiteti

  8. Patris Lumumba adyndaky Russiýanyň halklarynyň dostlygy uniwersiteti (РУДН)

  9. N.E. Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehniki uniwersiteti

  10. Russiýanyň DIM-niň MGIMO uniwersiteti

  11. MISIS Uniwersiteti

  12. Russiýanyň ilkinji Prezidenti B.N. Ýelsin adyndaky Ural federal uniwersiteti

  13. I.M. Seçenow adyndaky Birinji Moskwa döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  14. Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy (РАНХиГС)

  15. ITMO Uniwersiteti

  16. Tomsk politexniki milli barlag uniwersiteti

  17. Sankt-Peterburg Beýik Petr adyndaky politexniki uniwersiteti

  18. I.P. Pawlow adyndaky Birinji Sankt-Peterburg döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  19. N.I. Pirogow adyndaky Russiýanyň milli barlag lukmançylyk uniwersiteti

  20. Kazan (Priwolžskiý) federal uniwersiteti

  21. Innopolis Uniwersiteti

  22. Moskwa awiasiýa instituty (МАИ)

  23. Russiýanyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersiteti

  24. Başgortostan döwlet lukmançylyk uniwersiteti

  25. Uzak Gündogar federal uniwersiteti

  26. N.I. Lobaçewskiý adyndaky Nižniý Nowgorod milli barlag döwlet uniwersiteti

  27. G.W. Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersiteti

  28. Sankt-Peterburg imperatrisa Ýekaterina II adyndaky Dag-magdan uniwersiteti

  29. Günorta federal uniwersiteti

  30. I.M. Gubkin adyndaky Russiýanyň döwlet nebit we gaz uniwersiteti

  31. Russiýa lukmançylyk uniwersiteti (Российский медицинский университет)

  32. Sibir federal uniwersiteti

  33. Tümen döwlet uniwersiteti

  34. Günorta-Ural döwlet uniwersiteti

  35. “MEI” Milli barlag uniwersiteti

  36. Priwolžskiý barlag lukmançylyk uniwersiteti

  37. W.I. Ulýanow (Lenin) adyndaky Sankt-Peterburg döwlet elektrotehniki uniwersiteti “LETI”

  38. I.I. Meçnikow adyndaky Demirgazyk-Günbatar döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Diplom Tassyklamak (Nostrifikasiýa) bilen Bank Töleginiň Tapawudy

Talyplaryň ýygy-ýygydan galdyrýan ýalňyşlyklarynyň biri bu iki düzgüni garmakdyr:

  • Diplom tassyklatmak üçin: Uniwersitetiňiz ýokardaky 4 resmi reýtingiň (QS, THE, Shanghai, MosIUR) birine giren bolsa bolýar. Hatda 1700-nji orunda bolsa-da, okuwyňyz tamamlanandan soň diplomyňyz Türkmenistanda tassyklanýar.

  • Bankdan töleg geçirmek üçin: Uniwersitet diňe bir sanawda bolmak bilen bütinleý çäklenmän, hökman ilkinji 1000-ligiň (Top 1000) içinde bolmalydyr. 1000-den aşakda bolan uniwersitetleriň diplomyny tassyklatmak mümkin bolsa-da, bank arkaly tölegini geçirip bolmaýar.

Bank Arkaly Töleg Geçirmek Üçin Talap Edilýän Resminamalar

  1. Öğrenci Belgesi (Talyp güwänamasy / Справка об учебе): Uniwersitetden berlen resmi resminama.

  2. Inwoýs / Fatura (Töleg haty / Счет на оплату): Uniwersitetiň resmi bank rekwizitleri we tölenmeli mukdary görkezilen hat (Russiýanyň degişli edaralaryndan we Türkmenistanyň Konsullygyndan tassyklanan bolmaly).

  3. Müräget Haty / Teklip Haty (Offer Letter / Acceptance Letter): Okuwa ilki resminama tabşyrylanda uniwersitet tarapyndan berlen kabul/teklip haty (Приглашение).

  4. Reýting Tassyklamasy: Okuw jaýynyň QS, THE, Shanghai ýa-da MosIUR sanawlarynyň birinde Top 1000-likdedigini görkezýän Bilim ministrliginiň belligi.

  5. Talyp Resminamalary: Pasport göçürmeleri, doguluş baradaky şahadatnamanyň göçürmesi, wiza/registrasiýa we talyp kimliginiň göçürmeleri.

  6. Hossarynyň Resminamalary: Pasport göçürmeleri.

 

 

 

 

Banktan Töleg Edip Bolýan Russiýa Uniwersitetleri 2026, Dünya reytinginde top1000 giren russia okuwlary. türkmenistan banklaryndan pul geçirip bolyan rossiya uniwersitetleri.bank arkaly töleg edip bolyan Россия yokary okuw jaylary.

Şunlara Bakabilirsin

Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri

Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026

Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026 Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026 Türkmenistandan …

Bir yanıt yazın

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir