Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026
Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026
Türkmenistandan Türkiýä okuwa gitmekçi bolýan talyplar we olaryň ata-eneleri üçin iň wajyp meseleleriň biri — okuw tölegini Türkmenistanyň banklary arkaly (döwlet nyrhyndan) geçirmekdir.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we Bilim ministrliginiň düzgünlerine görä, bir uniwersitetiň diplomyny tassyklatmak (nostrifikasiýa) üçin şol okuw jaýy resmi reýting sanawlaryna giren bolmalydyr. Ýöne bank arkaly okuw tölegini geçirmek üçin uniwersitet diňe bir sanawa girmek bilen çäklenmän, hökman ilkinji 1000-lige (Top 1000) giren bolmalydyr.
Haýsy Reýtingler Kabul Edilýär?
Türkmenistanda diňe aşakdaky 4 sany halkara reýting agentliginiň görkezijileri resmi taýdan ykrar edilýär:
- QS World University Rankings
- THE (Times Higher Education)
- Shanghai Ranking (ARWU)
- MosIUR («Uniwersitetiň üç missiýasy»)
Banktan Töleg Edip Bolýan Türkiýe Uniwersitetleri 2026
Şu 4 resmi reýtingiň azyndan birinde ilkinji 1000-lige giren we bank arkaly töleg geçirmäge doly hukugy bolan Türkiýäniň öňdebaryjy uniwersitetleri:
Döwlet Uniwersitetleri
- Middle East Technical University (ODTÜ / METU) — QS, THE we Shanghai (ARWU) sanawlarynda Top 1000-likde.
- Istanbul Technical University (İTÜ) — Inženerçilik we tehnologiýa boýunça Top 1000-likde.
- Boğaziçi Üniversitesi — QS we THE reýtinglerinde ilkinji 1000-likde.
- Hacettepe Üniversitesi — Medisina we saglygy saklaşyş ugurlary boýunça Top 1000-likde.
- İstanbul Üniversitesi — Shanghai (ARWU) we THE sanawlarynda yzygiderli Top 1000-likde.
- İstanbul Universitesi-Cerrahpaşa
- Ankara Üniversitesi — QS, THE we MosIUR sanawlarynda Top 1000-likde.
- Gazi Üniversitesi — THE we MosIUR reýtinglerinde ilkinji 1000-lige girýär.
- Yıldız Teknik Üniversitesi (YTÜ) — QS we THE sanawlarynda Top 1000-likde.
- Ege Üniversitesi — THE we MosIUR sanawlarynda ilkinji 1000-likde.
- Marmara Üniversitesi — THE we MosIUR reýtinglerinde Top 1000-likde.
- Atatürk Uniwersiteti — THE reýtinginde Top 1000-likde.
- Abdullah Gül uniwersiteti — THE reýtinginde Top 1000-likde.
- Sağlık Bilimler Uniwersiteti — QS reýtinginde Top 1000-likde.
Hususy (Vakıf) Uniwersitetler
- Koç Üniversitesi — QS we THE reýtinglerinde Türkiýäniň iň ýokary orunlaryny eýeleýär (Top 500/1000).
- Sabancı Üniversitesi — QS we THE sanawlarynda Top 1000-likde.
- Bilkent Üniversitesi — QS we THE halkara sanawlarynda Top 1000-likde.
- İstanbul Medipol Üniversitesi — THE (Times Higher Education) sanawynda ilkinji 1000-likde ýer alýandygy üçin bank tölegleri geçirilýär.
- Çankaya Üniversitesi — THE reýtinginde Top 1000-likde.
- ÖZyegin Uniwersiteti — THE reýtinginde Top 1000-likde.
- Bahçeşehir Uniwersiteti — THE reýtinginde Top 1000-likde.
- Kadir Has Uniwersiteti — THE reýtinginde Top 1000-likde.
Diplom Tassyklamak (Nostrifikasiýa) bilen Bank Töleginiň Tapawudy
Talyplaryň ýygy-ýygydan galdyrýan ýalňyşlyklarynyň biri bu iki düzgüni garmakdyr:
- Diplom tassyklatmak üçin: Uniwersitetiňiz ýokardaky 4 resmi reýtingiň (QS, THE, Shanghai, MosIUR) birine giren bolsa bolýar. Hatda 1700-nji orunda bolsa-da, okuwyňyz tamamlanandan soň diplomyňyz Türkmenistanda tassyklanýar.
- Bankdan töleg geçirmek üçin: Uniwersitet diňe bir sanawda bolmak bilen bütinleý çäklenmän, hökman ilkinji 1000-ligiň (Top 1000) içinde bolmalydyr. 1000-den aşakda bolan uniwersitetleriň diplomyny tassyklatmak mümkin bolsa-da, bank arkaly tölegini geçirip bolmaýar.
Bank Arkaly Töleg Geçirmek Üçin Talap Edilýän Resminamalar
-
Öğrenci Belgesi (Talyp güwänamasy): Uniwersitetden berlen resmi resminama.
-
Inwoýs / Fatura (Töleg haty): Uniwersitetiň resmi bank rekwizitleri we tölenmeli mukdary görkezilen hat (Türkiýäniň degişli Welaýat häkimliginden (Valilik) we Türkmenistanyň Konsullygyndan tassyklanan bolmaly).
-
Müräget Haty / Teklip Haty (Offer Letter / Acceptance Letter): Okuwa ilki resminama tabşyrylanda uniwersitet tarapyndan berlen ilkipole kabul/teklip haty.
-
Reýting Tassyklamasy: Okuw jaýynyň QS, THE, Shanghai ýa-da MosIUR sanawlarynyň birinde Top 1000-likdedigini görkezýän Bilim ministrliginiň belligi.
-
Talyp Resminamalary: Pasport göçürmeleri, doguluş baradaky şahadatnamanyň göçürmesi, ýaşaýyş rugsatnamasy (ikamet izni) we talyp kimliginiň göçürmeleri.
-
Hossarynyň Resminamalary: Pasport göçürmeleri.
Professional Kömegimiz Bilen Okuw Ýoluňyzy Ýeňilleşdiriň!
Siz hem Türkiýäniň abraýly ýokary okuw jaýlaryna resminamalaryňyzy dogry, tiz we bökdençsiz tabşyrmak isleýärsiňizmi? Size bu ugurda ýöriteleşen hünärmenler toparymyz bilen ýakyn komandalyk goldawyny bermäge taýýardyrys!
Biziň kompaniýamyz Türkiýedäki PROFMET we Türkmenistandaky “Altyn Nesiller Ýoly” hususy kärhanasy bilen hyzmatdaşlykda, iki ýurduň arasynda ygtybarly bilim köprüsini gurýar. Köp ýyllyk tejribämiz we öz işiniň ussasy bolan hünärmenlerimiz bilen, resminamalaryňyzy taýýarlamakdan başlap, okuwa kabul edilýänçäňiz ähli tapgyrlarda ýanyňyzda bolýarys.
Hyzmatdaş Uniwersitetlerimize Tölegsiz Goldaw Mümkinçiligi!
Biz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň iň uly artykmaçlyklarynyň biri — şertnamamyz bolan uniwersitetler üçin aşakdaky hyzmatlary doldurmak we amala aşyrmak DOLY TÖLEGSİZ hödürlenýär:
- Resminamalary dogry taýýarlamak we tabşyrmak
- Okuw Çakylygyny (Приглашение / Acceptance Letter) almak
- Wiza resminamalaryny taýýarlamakda ugrukdyrmak we goldow
- Türkiýede Ýaşaýyş Rugsatnamasy (İkamet İzni) üçin resminamalary düzetmek
Türkmen we türk dillerinde hödürlenýän ýokary hilli hyzmatlarymyz arkaly sizi gyzyklandyrýan ÄHLI sowallara dogry jogap tapyp, talyplyk arzuwyňyzy aňsatlyk bilen amala aşyryp bilersiňiz.
Biz Bilen Habarlaşmak Üçin:
- Türkmenistan ofis: +993 71 52 06 05
- Türkiye ofis: +90 552 470 97 14
- IMO: +90 850 255 12 94
- WhatsApp / Telegram / imo: +90 553 523 47 95
Gelejegiňizi biziň bilen birlikde ynamly guryň!
Medipol uniwersiteti onlaýn dokument tapşyrmak 2026
Aşakdaky sahypalarymyzda ünsünizi çekip biler:
İstanbul’da Özel Üniversiteler Yabancı Öğrenci Ücretleri 2026
Türkiyede Uniwersitet Okamak | Synagsyz Giriş | Türkiyede Okuw
Medipol Uniwersiteti okuw tölegleri
Türkmenistanda diplomy tassyklanyan Türkiye Yokary okuw jaylary
Açar sözler: Türkmenistan banklarynda pul geçirip bolyan Türkiye okuwlary 2026. Bank arkaly töleg edip bolyan türk uniwersitetler 2026. Bank üstü bilen pul geçirip bolyan yokary okuwlar 2026. Pul geçirip bolyan okuwlar. Döwlet kursyndan töleg edip bolyan institutlar.Türkmenistan bankalarından ödeme yapılabilen Türk üniversiteler.
Sınavsız Üniversite – PROFMET Türkiye'de Sınavsız Üniversite | Burslu Eğitim | Açıköğretim